Eýranda 304 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8515-eýranda_304_müňden_gowrak_adamyň_koronadan_gutulmagy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 304,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 20, 2020 11:46 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 304 müňden gowrak adamyň koronadan gutulmagy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 304,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 279 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 38-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 352 müň 558 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 139 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 20 müň 264 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 304 müň 236 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 22 million 605 müň adamdan gecdi şolardan azyndan 790 müňden gowragy öldi we azyndan 15 million 320 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.