Zarif :Amerikanyň sanksiýalary dikeltmäge synanyşmaga hukugy ýok
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygyna ýazan hatynda ABŞ-nyň Eýrana garşy girizilen sanksiýalary dikeltmek üçin ýadro ylalaşygyň iş maslahatynyň mehanizmlerden hyýanatçylykly peýdalanmak baradaky bikanun hereketini ret etmek bilen Waşingtonyň sanksiýalary gaýtadan dikeltmäge synanyşmaga hukugynyň ýokdugyny aýtdy.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Muhammet Jawad Zarif hatynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy halkara sanksiýalaryny gaýtadan dikeltmäge synanyşmaga hukugynyň ýokdugyny aýtmak bilen halkara jemgyýetçiliginden Amerikanyň bu islegine garşy durmagy talap etdi.
Zarifiň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygyna ýazan hatynda sanksiýalaryň girizilmeginiň "erbetligiň" nyşany bolmakdan aýry ýadro ylalaşygyň, BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji karary, Halkara Kazyýetiniň karary we BMG Baş Assambleýasynyň we Adam Hukuklary Geňeşiniň birnäçe kararynyň aç-açan tersine ýüze çykýandygy nygtalýar.
Zarif, Eýranlylaryň geňeşiň karar boýunça öz hukuklaryny kepillendirmegine we Eýran halkyna ýetip bolmajak zyýany üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny jogapkärçilige çekmegine dogry garaşýandyklaryny aýtdy.
2018-nji ýylyň 8-nji maýynda sişenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump halkara ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykyp ýadro sanksiýalarynyň yzyna gaýtaryljakdygyny habar berdi.
Donald Trumpyň bu çäresi içerki we halkara derejesinde ýazgaryldy.