Sadat Lari: Eýranda 307,000-den gowrak korona näsag sagaldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda takmynan 307,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 28 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan 707-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 356 müň 792 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 126 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 20 müň 502 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 307 müň 702 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 23 million adamdan gecdi şolardan azyndan 803 müňden gowragy öldi we azyndan 15 million 600 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.