Waezi: Halkara jemgyýetçiligi Amerikanyň basyşyna we howplaryna boýun egmeýär
Eýranyň prezidentgullugynyň başlygy Mahmud Vaezi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň snapback mehanizmini işjeňleşdirmek ugurdaky synanyşygy başa barmaz diýdi.
Mahmud Waezi özüniň twitter hasabynda "Trump öz döwletiniň soňky aýlarynda ilat arasynda söýnüginiň düýpgöter pese gaçmagyna şaýat boldy şonuň üçin howp abandyrýan gurallaryny ulanmak arkaly bu ýagdaýdan çykmagy isleýändir diýip ýazdy.
ol sözüniň dowamynda "häzirki wagtda Hytaýyň, Orsýetiň we Ýewropa ýurtlarynyň ABŞ-nyň snapback mehanizmini işjeňleşdirmek baradaky ädimine garşy pozisiýasyna garamazdan, ABŞ-nyň Döwlet sekretary soňky masgaraçylykly ýeňlişden sapak almady we özi bilen hemra etmek üçin Howpsuzlyk Geňeşine agza döwletlerine esassyz deliller bilen haýbat atandyr diýdi.
Waezi sözüniň ýene bir bölüminde birtaraplaýynlyk döwri gutarandyr we halkara jemgyýetçiligi indi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň basyşy we howpy astyna girmez diýmek bilen Amerikanyň bu hereketleri hem şowsuzlyga uçrar diýip belläp geçdi.