Ruhani: çydam ykdysadyýetini durmuşa geçirmek Eýran hökümetiniň ileri tutýan meselesi
(last modified Sun, 23 Aug 2020 16:34:15 GMT )
Aug 23, 2020 21:34 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: çydam ykdysadyýetini durmuşa geçirmek Eýran hökümetiniň ileri tutýan meselesi

Eýranyň prezidenti: "Ykdysady durnuklylygy ösdürmek we garşylyk ykdysadyýetiniň syýasatlaryny durmuşa geçirmek Yslam Respublikasynyň hökümetiniň ähli işleriniň we tagallalarynyň sözbaşysy we özenidir" diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani, Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýiniň gatnaşmagynda wideo konferensiýa görnüşinde ýekşenbe güni geçirilen kabinet mejlisinde 2014-nji ýylda nebitiň bahasynyň aşaklamagy we 2018-nji ýylda ykdysady sanksiýalaryň girizilmegi, Korona wirusynyň soňky alty aýda ýaýramagy bilen birlikde, Eýran hökümetiniň çydam ykdysadyýetiniň syýasatlaryna daýanmak arkaly dolandyryp başaran meseleleri boldy diýip nygtady.