Eýranda 311 müňden gowrak adam koronadan gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 311,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 245 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 132-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 361 müň 150 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 133 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 20 müň 776 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 311 müň 365 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 23 million 600 müň adamdan gecdi şolardan azyndan 812 müňden gowragy öldi we azyndan 16 million 83 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.