Ruhani: Eýranyň gaz üpjünçiligi ulgamy dünýäde özboluşly
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň gaz üpjünçiligi ulgamyny dünýäde özboluşly hasaplamak bilen 17,000 obanyň milli gaz ulgamyna birikdirilendigini we ýurtdaky 89 elektrik stansiýasynyň ýangyjynyň gaz bilen üpjün edilýändigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti "Hasan Ruhani" şu gün wideo konferensiýa görnüşinde geçirilen Nebit ministrliginiň milli meýilnamalaryndan peýdalanmak dabarasynda beren gürrüňlerinde Gaz pudagynyň ýurtdaky ähmiýetine yşarat edip gazyň arassa energiýa öndürýän we ýurduň ösüşine alyp barjak ägirt uly pudakdygyny şeýle hem, nebithimiýa ýaly has uly pudagy herekete getirýän we Eýrany goňşulary bilen birleşdirýän infrastruktura pudagydygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýranyň gazynyň ýurduň günbataryndan Türkiýä we Yraga eksport edilýändigini we gündogar ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliginiň üpjün edilendigini we bu ugurda gaz geçirijisiniň Pakistanyň serhedine çenli çekilendigini aýtdy.
Ruhani, gaz pudagynyň arassa energiýa önümçiligi bilen senagatda möhüm pudagdygyny we ýurduň ösüşinde möhüm faktor bolup durýandygyny nygtamak bilen 600 million kub metrden gaz çykarylyşynyň müň million kub metre ýetendigini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şeýle hem döwlet hepdesi bilen bir wagtda Eýranyň günortasyndaky Bushehr Nebithimiýa kärhanasynyň birinji tapgyryny, Assaluyehde göni ýaýlymda geçirilen konferensiýa ulanyşa berdi.