Hatibzadeh: BAE bilen sionist režimiň arasyndaky ylalaşyk Yslam dünýäsini ýaralady
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: BAE bilen sionist režimiň arasyndaky ylalaşyk yslam dünýäsine ýaradyr we dünýäniň musulmanlary Mukaddes Kudusa dönükligini asla ýatdan çykarmazlar diýip beýan etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň täze metbugat sekretary Said Hatibzadeh şu gün wezipesine girişenden soň ilkinji çykyşynda Abu Dabi-Tel Awiw gatnaşyklarynyň täzeden başlamagyna yşarat edip eger Günbatar Aziýa sebitinde Kudusy basyp alan režimi tarapynda howp abansa onuň jogapkärçiligi Arap Emirliginiň üstünedir diýdi.
Hatibzadeh, Eýranyň goranmak we howpsuzlyk doktrinasynda Pars aýlagynyň Ysraýylyň howply hasaplanmaýan sebitdigini,on soňda basyp alyjy sionist režimiň Eýran üçin howp bolardan kiçidigini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Käbir arap hökümdarlary bilen sionist režimiň arasynda gatnaşyklaryň kadalaşdyrylmagyna yşarat edip Ysraýyl režimi özüniň howpsuzlygyny kepillendirip bilmejekdigini görkezdi, onuň bozmadyk ylalaşygy we ýola bermedik terrory ýokdyr diýip,Bular dünýäniň hakykatlarydyr we bu hakykatlar üýtgemeýär diýip beýan etdi.