Galibaf: ABŞ-nyň Eýrana edýän iň ýokary basyşy netije bermedi
Eýranyň Yslam Rspublikasynyň mejlis başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy iň ýokary basyşynyň netije bermändigini we ýakyn aýlarda we indiki ýylda Eýranyň ykdysady ýagdaýynyň has gowulaşjakdygyny aýtdy.
Eýranyň mejlis başlygy Muhammet Bager Galibaf şu gün Şweýsariýanyň Tährandaky ilçisi Markus Leitner bilen duşuşyp, Ýewropa ýurtlarynyň Amerikadan garaşsyz syýasat alyp barmalydygyny aýdyp Aziýa bilen gatnaşyklary giňeltmekden başga-da, Eýran garaşsyz Ýewropa ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanýar diýip beýan etdi.
Eýranyň kanun çykaryjy başlygy, iki ýurduň arasyndaky taryhy we oňyn gatnaşyklara we Eýran bilen Şweýsariýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyna yşarat edip Şweýsariýa bilen Tähranyň arasynda maliýe kanalyny döretmek gowy başlangyç we bu kanal bilen iki ýurduň arasyndaky şertnamalaryň çäginde saglyk, azyk we ş.m. pudaklarynda ykdysady gatnaşyklaryň göwrümini ösdürmek üçin tagalla edilmelidir diýdi.
Şweýsariýanyň ilçisi we ABŞ-nyň Eýrandaky bähbitlerini goraýan Markus Leitner hem Galibafiň hoşniýetliligini öwdi we Berniň Tähran bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde bitewi we ynamly syýasatynyň bardygyny aýtdy.