Larri: Eýranda takmynan 315,000 korona näsag sagaldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda takmynan 315,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 243 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 121-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 365 müň 606 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 119 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 21 müň 20 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 314 müň 870 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 24 million adamdan gecdi şolardan azyndan 824 müňden gowragy öldi we azyndan 16 million 100 müňden gowragy sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.