Ruhani: Eýran halky Aşura medeniýeti bilen dildüwşüklere garşy ýeňiş gazandy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, heziret Ymam Hüseýin (as)-yň ýas günlerine yşarat etmek bilen Eýran halky, Aşura medeniýetinden alnan çydam we berk durmak bilen dünýäniň uly güýçleriň dildüwşüklerine garşy ýeňiş gazandy diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün geçirilen ministrler kabinetiniň mejlisinde 2018-nji ýylda geçirilen giň sanksiýalar we görlüp-eşidilmedik basyşlar sebäpli ýurduň girdejisiniň takmynan 50 milliard dollar azalandygyny aýtmak bilen duşmanyň hasaplamalary adaty ýagdaýlarda dogrydy, ýöne halkyň Aşura medeniýetine bil baglamagy we her gün täze dildüwşük amala aşyrýan duşmana garşylygy olaryň meýilnamalaryny puja çykardy diýip yglan etdi.
61-nji ýylda Muharramyň (Aşura) 10-njy güni Karbalada şehit bolan hezreti Ymam Hüseýin (AS) deňi-taýy bolmadyk pidakärçiligi bilen bütin dünýä ilatyna azatlyk we mertebe sapagyny berdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, duşmanyň Eýran halkyny dyza çökdürmek baradaky meýilnamalaryna yşarat edip Eýran halky, dildüwşüklere we basyşlara garşy durmak bilen, duşmanyň düzgüni agdarmak maksadyna ýetmegine ýol bermedi diýdi.
Ruhani, soňky iki ýylda, iň berk sanksiýalara garamazdan, Eýranda köp taslamanyň açylandygyny aýtmak bilen soňky 5 aýda ýurtda 21 sany uly taslama açyldy, olaryň diňe biri takmynan 5 milliard dollardyr diýip yglan etdi.