Zanganeh: Eýranyň energiýa akymy sanksiýalaryň ýokary derejesinde bir salym durmady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8590-zanganeh_eýranyň_energiýa_akymy_sanksiýalaryň_ýokary_derejesinde_bir_salym_durmady
Eýranyň nebit ministri "Eýranyň bu agyr günlerde energiýa akymy we Eýranly hünärmenleriň ukyby bilen sanksiýalaryň iň ýokary derejesinde bir salym kesilmedi" -diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 27, 2020 16:35 Asia/Ashgabat
  • Zanganeh: Eýranyň energiýa akymy sanksiýalaryň ýokary derejesinde bir salym durmady

Eýranyň nebit ministri "Eýranyň bu agyr günlerde energiýa akymy we Eýranly hünärmenleriň ukyby bilen sanksiýalaryň iň ýokary derejesinde bir salym kesilmedi" -diýdi.

Eýranyň nebit ministri Bižan Zanganeh penşenbe güni eýranly işçileriň we nebit pudagynyň hünärmenleriniň agyr ýük göterýändiklerini we Eýran halkyna garşy berk sanksiýalar we kowid-19 (korona) wirusyna garşy hakykatdanam garşylyk görkezendiklerini aýdyp Güýçli erk we güýç sebäpli Eýranyň energiýa akymy dikeldildi we sanksiýalaryň agyr şertleri Eýrandaky zawodlara we eksport prosesine zyýan bermedi diýip nygtady.

"Donald Trump we onuň egindeşleri Eýranyň 28 aýlap garşylyk görkezjekdigini pikir etmediler. Biz nebit pudagynda 28 aý bäri sanksiýalara garşy durýarys we garşy çykýarys" -diýdi.