Eýranda 318 müňden gowrak adam koronadan gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8595-eýranda_318_müňden_gowrak_adam_koronadan_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 318,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 28, 2020 11:26 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 318 müňden gowrak adam koronadan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan 2 müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 318,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda 2 müň 115 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan 941-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 369 müň 911 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 112 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 21 müň 249 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 318 müň 270 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 24 million 655 müň adamdan gecdi şolardan azyndan 836 müňden gowragy öldi we azyndan 17 million adam sagaldy.