Hatibzadeh: Amerikanyň 2231-nji rezolýusiýa ýüz tutmaga kanuny ýagdaýy ýokdyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili anna güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň gavtadan dikeldilmegi barada ýazan twitine jogap edip, munuň diňe ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň hyýaly dünýäsinde bolup geçýändigini aýtdy.
IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,"Said Hatibzadeh" twitterde BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 13 agzasynyň, şol sanda Geňeşiň başlygynyň, Amerika ýadro ylalaşykdan çykmagy sebäpli BMG-nyň 2231-nji kararyna salgylanmaga kanuny hukugynyň ýokdugyny aýdandyrlar diýip beýan etmek bilen Sagadyň elleriniň diňe Pompeonyň hyýaly dünýäsinde ol bilen hereket edýändigini aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo penşenbe güni twit ýazyp,Howpsuzlyk Geňeşiniň Ak tamyň Eýrana garşy rezolýusiýasyna garşydygyna garamazdan, BMG-nyň Eýrana garşy sanksiýalarynyň 20-nji sentýabrda, Grinwiç wagty bilen gaýtadan dikeldiljekdigini yglan etdi.
Amerika döwleti BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana garşy ýarag gadaganlygynyň gutarmagynyň öňüni almak üçin berlen ses berişliginde şowsuz bolmagyndan soň, ABŞ hökümeti BMG-nyň ähli sanksiýalaryny dikeltmek üçin "Snapback mehanizm" atly mehanizmi işjeňleşdirdi diýip Pompeo twitterde yglan etdi.