Taht rawançi: ABŞ-nyň birtaraplaýynlygy Birleşen Milletler Guramasyny pese gaçyrýar
Aug 29, 2020 07:59 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili ABŞ-nyň resmileriniň Eýrana garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyryljakdygy baradaky aýdanlaryna jogap edip, anna güni agşam twitterde ABŞ-nyň birtaraplaýynlygyny, Birleşen Milletler Guramasyny we Howpsuzlyk Geňeşini pese gaçyrýar diýdi.
Majid Takht-e Rawançi ABŞ-nyň halkara hukugyna hormatsyzlygyň täze rekord goýandygyny aýdyp Amerikanyň Birleşen Ştatlary diňe bir BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyny bozman, eýsem UNSCR 2231-i bilkastlaýyn ýalňyş düşündirdi, Birleşen Milletler Guramasynyň agzalaryna, şol sanda iň ýakyn ýaranlaryna-da mejbur edilmegine garşy durmak üçin haýbat atýar diýip nygtady.