Eýran Amerika we Ýewropanyň Mynafyklardan arka çykmaklaryny ýazgardy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Milli Terrorçylyga garşy göreş güni mynasybetli yglan etmegine görä mynafyklaryň Müňlerçe Eýranlyny terror etmeklerine garamazdan Amerika we Ýewropa ýurtlaryň olara pena berýändiklerini aýtdy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň terrorçylyga garşy göreşiň milli güni mynasybetli yglan etmegine görä mynafyklaryň Müňlerçe Eýranlyny terror etmeklerine şeýle-de olaryň Yragyň agdarylan diktatory Saddam bilen bilelikde Eýranyň garşysynda söweşmegine garamazdan olar Amerikanyň we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarynyň tarapyndan pena tapýarlar diýip habar berdi.
1981-nji ýylyň 30-njy awgusty Prezident Muhammet Ali Rajaeiniň we şol wagtky premýer-ministr Muhammet Jawad Bahonaryň, premýer-ministriň gullugyndaky partlamasynda bir topar ministr bilen bilelikde şehit bolmagynyň ýyl dönümi, Eýranyň senenamasynda Milli Terrorçylyga garşy göreş güni diýlip yglan edildi.
1979-njy ýylda Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýeňşinden soň, Eýran Yslam Respublikasynyň 17,000-den gowrak raýaty we wezipeli jogapkärleri mynafyklar we beýleki terrorçylyk toparlary tarapyndan öldürildi.
mynafyklar toparyň agzalary Eýranda terrorçylyk hereketleri başlansoň ilki Parise gaçdylar soňra Yraga bardylar.