Ruhani:korona sanjymyny taýýarlamak we synagdan geçirmek üçin zerur çäreleri görülmelidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8617-ruhani_korona_sanjymyny_taýýarlamak_we_synagdan_geçirmek_üçin_zerur_çäreleri_görülmelidir
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, käbir ýurtlar tarapyndan korona sanjymynyň taýýarlanmagy baradaky habarlara salgylanyp, Eýranda hem bu ugurda netijeli çäreleriň gysga wagtda başlamagyny buýurdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 30, 2020 15:57 Asia/Ashgabat
  • Ruhani:korona sanjymyny taýýarlamak we synagdan geçirmek üçin zerur çäreleri görülmelidir

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, käbir ýurtlar tarapyndan korona sanjymynyň taýýarlanmagy baradaky habarlara salgylanyp, Eýranda hem bu ugurda netijeli çäreleriň gysga wagtda başlamagyny buýurdy.

Hasan Ruhani, Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri "Said Namaki" we Eýranyň içeri işler ministri "Abdolreza Rahmani Fazli" bilen geçiren söhbetdeşlikde Aşur aýynyň geçen günlerinde esasanam Tasua we Aşura gijelerinde Ymam Hüseýin(AS)yň ýasyny tutýanlaryň we wagyzçylaryň tarapyndan saglyk görkezmeleriniň berk berjaý edilmegine ýokary baha berdi.

Ruhani şeýle-de halkyň baý dini medeniýetinden we ynsanperwerlik meselelere ygrarlylygyndan gelip çykýan saglyk protokollaryny berk berjaý etmek bilen birlikde, azamatly we dürli ýas merasymlary geçirýändiklerini aýtdy.