Ruhani: Goňşular bilen strategiki gatnaşyklary ösdürmek Eýranyň ileri tutýan ugurlaryndan biridir
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti goňşulary bilen, esasanam söwda we ykdysady ugurlarda strategiki gatnaşyklary ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň Tähranyň ileri tutýan ugurlaryndan biridigini aýtdy.
Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani duşenbe güni Tehranda geçirilen "Goňşular bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň" ikinji ýygnagynda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary has-da berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin geçirlen maslahatda Sebit halklarynyň taryhy we medeni gatnaşyklary goňşy ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň derejesini we sebitiň halklarynyň we hökümetleriniň umumy bähbitlerini ösdürmek üçin berk esas bolup durýar diýdi.
Ruhani, Eýranyň goňşy döwletiň we dostlukly we doganlyk hökümetleriň elmydama durandygyny we goňşulary bilen ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklarynyň giňelmegini goldaýandygyny aýtdy we: "Sebitdäki sazlaşykly ykdysadyýet parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge kömek eder" -diýip yglan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti sebitdäki ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagy we syýahatçylygy, bilelikdäki kärhanalary ösdürmegi we goňşularyň arasynda bank we maliýe hyzmatdaşlygyny giňeltmegi gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin möhüm we gymmatly ädim diýip atlandyrdy.