Eýranda 325 müňden gowrak adam koronadan gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan bir müň-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 325,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda bir müň 682 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan 786-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 376 müň 894 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 101 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 21 müň 672 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 325 müň 114 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 25 million 220 müň adamdan gecdi şolardan azyndan 855 müňden gowragy öldi we azyndan 18 million adam sagaldy.