Ynkylapyň ýokary lideri: BAE Yslam dünýäsine we Palestina dönüklik etdi
Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysy BAE hökümetiniň sionist režim bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak baradaky hereketini Yslam dünýäsine, arap dünýäsine we sebit ýurtlaryna we Palestina meselesine dönüklik diýip atlandyrdylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi hezletleri, şu gün irden (sişenbe) 34-nji bilim sammitinde ministr, orunbasarlar, direktorlar we Eýranyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylary bilen wideo aragatnaşygynda BAE bilen Sionist režimiň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyna yşarat edip bu ýagdaý uzaga çekmez, ýöne onuň kemsidilmegi ýurduň basyp alynmagyny we palestina halkynyň göçürilmegini ýatdan çykaran we sebitde sionistleriň aýagyny açanlaryň maňlaýynda galar diýip nygtadylar.
Yslam Rewolýusiýasynyň mertebesi belent ýolbaşçysy şeýle-de, BAE hökümetiniň sionist režimiň wagşylykly işleri hemde ABŞ-nyň administrasiýasyndaky erbet sionist elementler bilen Yslam dünýäsiniň we sebitiň bähbitlerine garşy eden zulumlary bilen hyzmatdaşlygyna gynanç bildirmek bilen Arap Emirlikleriň has ir oýanyp, munuň öwezini dolar diýip umyt edýäris diýdiler.
Aýatolla Hameneýi hezretleri çykyşynyň başga bir böleginde günbatarlylaryň günbatarly durmuş ýörelgesine esaslanýan ýaşaýyş şywalaryny başga ýurtlaryň bilimine täsirlendirmek baradaky hereketlerine salgylanyp, 2030-njy ýyldaky resminamany ýa-da sebitdäki käbir ýurtlarda bilime täsirini mysal hökmünde getirip häzirki wagtda Günbataryň jemgyýetçilik pelsepesi Günbataryň özünde şowsuz boldy we onuň pesatçylykly görnüşleri Holliwuddan Pentagona çenli gaty aýan görünýändir diýip beýan etdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri duşmanyň aralaşmagynyň garşysynda duýgur we ýiti bolmagyň zerurdigini nygtamak bilen duşman harby ýollar bilen edip bilmeýän zadyny aralaşmak we 2030-njy ýyldaky resminama we özi ýaly pikir edýän adamlary tälim bermek ýaly usullar bilen ýurtlara täsir etmegiň we milletleriň baýlyklaryny talamagyň yzyndadygyny aýtdylar.
Aýatolla Hameneýi hezretleri şeýle-de, şu ýyl Muharramyň ilkinji ongünliginde Eýran halkynyň ýas tutmagyny ýurduň taryhynda ýatdan çykmajak bir waka hasapladylar.