Rabiei: Eýran halkyna garşy sanksiýalar we basyş syýasaty başa barmaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8625-rabiei_eýran_halkyna_garşy_sanksiýalar_we_basyş_syýasaty_başa_barmaz
Eýranyň döwletiniň metbugat wekili, Eýran halkyna garşy sanksiýalar we ýola berilýän basyş syýasatynyň şowsuzlygynyň we ejizliginiň alamatlaryny ABŞ resmileriniň ýüzlerinde görüp boljakdygyny aýtmak bilen Waşingtonyň Tährana garşy syýasaty ýakyn wagtda ýatdan çykmajak şowsuzlyga duçar bolar diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 01, 2020 17:00 Asia/Ashgabat
  • Rabiei: Eýran halkyna garşy sanksiýalar we basyş syýasaty başa barmaz

Eýranyň döwletiniň metbugat wekili, Eýran halkyna garşy sanksiýalar we ýola berilýän basyş syýasatynyň şowsuzlygynyň we ejizliginiň alamatlaryny ABŞ resmileriniň ýüzlerinde görüp boljakdygyny aýtmak bilen Waşingtonyň Tährana garşy syýasaty ýakyn wagtda ýatdan çykmajak şowsuzlyga duçar bolar diýdi.

Eýranyň döwletiniň metbugat wekili Ali Rabiei su gün geçirilen metbugat ýygnagynda Amerikanyň Tährana garşy sanksiýalary girizmek üçin täze serişdesiniň ýokdugyny aýtmak bilen bir tarapdan Eýran halkynyň milli isleginiň we beýleki tarapdan ABŞ-nyň global izolýasiýasynyň çatrygynda iň ýokary basyş Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özüne edilýän basyşa öwrülip barýandygyny aýtdy.

Rabiei, Amerikanyň snapback mehanizmini işjeňleşdirmek ugrundaky tagallalaryna yşarat edip ABŞ-nyň talaplarynyň kanuny esaslary ýokdyr we Waşington indi ýadro ylalaşygyndan çykmagy sebäpli bu şertnamanyň şertleriniň birisinden hyýanatçylykly peýdalanmaga haky ýokdyr diýip beýan etdi.

Waşington 2231-nji rezolýusiýa baradaky syýasatynyň umytsyzlygy we şowsuzlygy barada mejbury we çaga düşündirişini ileri sürsede ýöne dünýäde hiç bir ýurt muny kabul etmedi diýip Eýranyň hökümetiniň metbugat wekili sözüniň dowamynda aýtdy.