Amir Abdollahian: Eýran Braziliýa bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyrmaga ähmiýet berýändir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8641-amir_abdollahian_eýran_braziliýa_bilen_gatnaşyklaryny_gowulaşdyrmaga_ähmiýet_berýändir
Eýranyň mejlis başlygynyň Halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi Tähran bilen Braziliýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagy möhüm hasaplamak bilen onuň ösdürilmegini nygtady.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 02, 2020 08:54 Asia/Ashgabat
  • Amir Abdollahian: Eýran Braziliýa bilen gatnaşyklaryny gowulaşdyrmaga ähmiýet berýändir

Eýranyň mejlis başlygynyň Halkara gatnaşyklar boýunça ýörite kömekçisi Tähran bilen Braziliýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagy möhüm hasaplamak bilen onuň ösdürilmegini nygtady.

IRNA habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Eýran Yslam respublikasynyň mejlis başlygynyň Halkara gatnaşyklar boýunça başlygynyň ýörite kömekçisi Huseýin Amir-Abdollahian çarşenbe güni Braziliýanyň Tährandaky ilçisi Rodrigo de Azeredo Santos bilen geçirilen duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky taryhy we dostlukly gatnaşyklara yşarat edip Eýran-Braziliýa Parlament Dostluk Topary we Eýranyň mejlisindäki ýöriteleşdirilen komissiýalar Braziliýanyň Mejlisindäki kärdeşleri bilen hyzmatdaşlary, delegasiýa alyş-çalşygyny we maslahatlaşmagy garşy alýandyklaryny aýtdy.

Braziliýanyň garaşsyz we bitarap syýasaty barada durup geçen Amir Abdollahian, Palestina halkynyň hukuklaryna aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýtdy.

Braziliýanyň Tährandaky ilçisi Rodrigo De Azerdo Santos hem bu duşuşykda Braziliýa bilen Eýranyň arasyndaky umumylyklaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin dürli ugurlarda, esasanam parlamentde oňat ýerligi döredendigini we iki ýurduň bähbidine ulanylyp bilinjekdigini aýtdy.

Santos sözüniň dowamynda Eýran bilen gatnaşyklaryň ösmegi Braziliýa üçin möhüm ähmiýete eýedir diýmek bilen Braziliýa Tähran bilen gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň giňelmegini garşy alýar diýdi.

Braziliýanyň Tährandaky ilçisi Amir Abdollahian bilen sebitdäki wakalar, esasanam Palestina meselesi barada pikir alyşdy.