Arakçi: ýadro ylalaşygyň agzalary ABŞ-ny şertnamanyň tarapy hökmünde ykrar etmeýärler
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8642-arakçi_ýadro_ylalaşygyň_agzalary_abŞ_ny_şertnamanyň_tarapy_hökmünde_ykrar_etmeýärler
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary sişenbe güni IAEA-nyň Bilelikdäki komissiýasynyň Wenadaky ýygnagy gutarandan soň, bu şertnamanyň agzalarynyň ABŞ-ny IAEA-nyň gatnaşyjysy hökmünde ykrar etmeýändigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 02, 2020 12:41 Asia/Ashgabat
  • Arakçi: ýadro ylalaşygyň agzalary ABŞ-ny şertnamanyň tarapy hökmünde ykrar etmeýärler

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary sişenbe güni IAEA-nyň Bilelikdäki komissiýasynyň Wenadaky ýygnagy gutarandan soň, bu şertnamanyň agzalarynyň ABŞ-ny IAEA-nyň gatnaşyjysy hökmünde ykrar etmeýändigini aýtdy.

ol şeýle-de BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň taraplary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň şu şertnamada ýa-da Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyndaky mehanizmleri ulanmak hukugyny ykrar etmeýärler diýip sözüne goşdy.

Seýid Abbas Aragçi tele-radio habarlar gullugyna beren interwýusynda BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň taraplarynyň ABŞ-nyň Nýu-Yorkorkda trigger mehanizmini ulanmak baradaky tagallalaryny bikanun we netijesiz hasaplaýandygyny we bu çäräniň netijesiz bolup biljekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Arakçi "Bilelikdäki komissiýanyň ähli agzalary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň öz islegini ýerine ýetirmegine we halkara jemgyýetçiligi we Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan goldanýan şertnamany birtaraplaýyn tertipde ýok etmegine ýol bermezlik kararyna geldi" -diýip nygtap geçdi.