Zarif: ABŞ-nyň zorlugyna boýun bolmak diňe Waşingtonyň işdäsini artdyrýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri çarşenbe güni gije Twitterde ABŞ-nyň Halkara Jezalandyryş Kazyýetiniň iki ýokary derejeli işgärine sanksiýa girizmek baradaky hereketini berk tankytlady.
Tasnim habar gullugynyň habaryna görä, "Muhammet Jawad Zarif" ABŞ-nyň Halkara Jezalandyryş Kazyýetiniň iki ýokary derejeli işgärine sanksiýa girizmek baradaky hereketini ýazgaryp ABŞ režimine boýun bolmak diňe bu eziji režimiň şahsyýetleri we edaralary boýkot etmek islegini artdyrýar diýdi.
Zarif bu tükeniksiz däliçiligi bes etmegiň ýeke-täk ýolunyň ABŞ-nyň isleglerine boýun bolmaklygy bes etmekdigini aýtdy.
ABŞ-nyň Gazna ministrligi çarşenbe güni Halkara jezalandyryş kazyýetiniň baş prokurory Fatou Bensudany we Kazyýetiň gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Phakiso Moçokokony ABŞ-nyň sanksiýalar sanawyna goşandygyny habar berdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo hem iki halkara işgärini goldaýan islendik şahsy ýa-da ýuridiki guramany jezalandyrjakdygyny aýtdy.
Iýun aýynyň başynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump ABŞ-nyň Owganystandaky harby jenaýatlary bilen baglanyşykly halkara derňewine gatnaşan birnäçe Halkara Jezalandyryş Kazyýetiniň işgärlerine sanksiýa bermek barada buýruk berdi.