Eýranda 328 müňden gowrak adam koronadan gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan bir müň 900-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 328,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda bir müň 994 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 63-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 380 müň 746 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 129 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 21 müň 926 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 328 müň 595 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 26 million adamdan gecdi şolardan azyndan 865 müňden gowragy öldi we azyndan 18 million adam sagaldy.