Saglyk görkezmelerini berjaý etmek bilen Eýranda täze okuw ýylynyň başlamagy
Eýranda täze okuw ýylynyň başlanmagynyň jaňy şu gün prezident we bilim ministriniň gatnaşmagynda geçirilen wideo konferensiýa dabarasynda ýaňlandy.
dabaranyň başynda Eýranyň bilim ministri "Mohsen Haji Mirzaei" bu ministrligiň ýerine ýetirişleri we Korona döwründe täze okuw ýylynda göz öňünde tutulan çäreler barada hasabat berdi, soňra bolsa Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Hasan Ruhani" gürrüň berdi.
Eýranda täze okuw ýyly, ýurtda korona keseliniň ýaýramagyndan soň geçen ýylyň okuw kemçilikleriniň öwezini dolmak üçin öňki ýyllara görä iki hepde öň başlandy.
110,000 mekdepde 15 milliondan gowrak Eýranly okuwçy, saglyk görkezmelerini ýerine ýetirip, Täze okuw ýyly başladylar.
Şu ýyl Eýranda bir million 300 müň okuwçy birinji synp okuwçylary.