Eýranda 332 müňden gowrak adam koronadan gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8669-eýranda_332_müňden_gowrak_adam_koronadan_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan bir müň 800-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 332,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 05, 2020 12:07 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 332 müňden gowrak adam koronadan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan bir müň 800-den gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 332,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda bir müň 894 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan 976-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 384 müň 666 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 110 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 22 müň 154 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 332 müň 131 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 27 million adamda ýetdi şolardan azyndan 875 müňden gowragy öldi we azyndan 19 million adam sagaldy.