Ruhani: Duşmanyň Korona döwründe Eýrana zarba urmak baradaky dildüwşigi başa barmady
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8671-ruhani_duşmanyň_korona_döwründe_eýrana_zarba_urmak_baradaky_dildüwşigi_başa_barmady
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, duşmanyň Korona döwründe ýurda zarba urmak baradaky dildüwşüklerine yşarat edip Korona wirusyna garşy göreş bahanasy bilen ýurdy hereketden düşürmek duşmanyň we olaryň propaganda desgalarynyň islegidi ýöne başa barmady diýip beýan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 05, 2020 13:27 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Duşmanyň Korona döwründe Eýrana zarba urmak baradaky dildüwşigi başa barmady

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, duşmanyň Korona döwründe ýurda zarba urmak baradaky dildüwşüklerine yşarat edip Korona wirusyna garşy göreş bahanasy bilen ýurdy hereketden düşürmek duşmanyň we olaryň propaganda desgalarynyň islegidi ýöne başa barmady diýip beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani şu gün korona keseline garşy milli merkeziniň mejlisinde daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň ýurduň Korona ugrundaky hereketlerine garşy propagandalaryna yşarat etmek bilen Eýranyň Korona garşy alyp barýan her ädiminde daşary ýurt metbugaty bahana tutunyp  hekaýalar düzýärler diýdi.

prezident Ruhani, durmuşky korona şertlerinde Amerikanyň Eýrana däri dermanyň girmegine ýol bermeýändigini aýtmak bilen daşary ýurt metbugaty Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň jenaýat edendigini we Eýranyň döwletiniň we halkynyň rehimsiz we adalatsyz basyş astyndadygyny birje gezek hem agzamadygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "biz wirusy hökman ýeňeris" diýmek bilen häzirki wagtda Eýranda ylym we bilim öwrenmek saglyk görkezmelerini berjaý etmek bilen başlandy we ýurtda bilim iň kyn şertlerde hiç haçan ýapylmaz diýdi.