Galibaf: Eýran halky ABŞ-nyň sanksiýalar babatly ýetiren zyýanlaryndan geçmez
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy, ýadro şertnamasynda beýlekileriň ygrarsyzlygynyň Eýranlylaryň ajy ýatlamalarynyň biridigini aýdyp: "Eýran halky ABŞ-nyň sanksiýalary sebäpli ýetirilen zyýany asla bagyşlamaz" diýip yglan etdi.
Eýran Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf ýekşenbe güni Tehranda Şweýsariýanyň Daşary işler ministri Ignazio Kassis bilen bolan duşuşygynda "Eýran halky ABŞ barada bir taraply, rehimsiz we bikanun sanksiýalar sebäpli betgümändyr" diýdi.
Galibaf, Eýran Yslam Respublikasynyň öz ýörelgeleriniň çäginde ähli ýurtlar bilen hyzmatdaşlyga çemeleşýändigini aýdyp "Bu hyzmatdaşlykdan başga-da Tehran haýsydyr bir agalyk etmegine garşy we Amerikalylar bilen gepleşik geçirmezlik olaryň gegemoniki garaýyşlary sebäplidir diiýp nygtady.
Şweýsariýanyň Daşary işler ministri şu gün Eýranyň sütemli sanksiýalar sebäpli ykdysady kynçylyklardan ejir çekýändigini aýtdy we Eýran bilen Şweýsariýanyň arasynda ýaňy-ýakynda açylan maliýe kanalynyň Tehranyň girdejileriniň, esasanam azyk we lukmançylyk pudagyna kömek edýändigini emma onuň giňeldilmegini aýdyp geçdi.