Eýran bilen Şweýsariýanyň Daşary işler ministrleriniň maslahaty
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8694-eýran_bilen_Şweýsariýanyň_daşary_işler_ministrleriniň_maslahaty
Eýran bilen Şweýsariýanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gatnaşyklardaky soňky wakalary, şol sanda Siriýa, Yemen, Tähran bilen Berniň arasyndaky söwda gatnaşyklary we Şweýsariýanyň maliýe kanaly ýaly meseleleri ara alyp barladylar.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 07, 2020 15:44 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Şweýsariýanyň Daşary işler ministrleriniň maslahaty

Eýran bilen Şweýsariýanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gatnaşyklardaky soňky wakalary, şol sanda Siriýa, Yemen, Tähran bilen Berniň arasyndaky söwda gatnaşyklary we Şweýsariýanyň maliýe kanaly ýaly meseleleri ara alyp barladylar.

duşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen Şweýsariýanyň Daşary işler ministri Ignazio Kassis şeýle-de Tähranda geçiren duşuşyklarynda, ýadro ylalaşygyň iş maslahaty we ABŞ-nyň sanksiýalary we Eýranyň adaty syýasy gatnaşyklaryna we daşary ykdysadyýetine zyýan ýetirmäge gönükdirilen duşmançylyk syýasatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

duşuşykda Zarif Eýran bilen Şweýsariýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygynyň geçirilmeginden hoşaldygyny aýtmak bilen bu ýurduň ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmak ugrundaky tagallalaryna ýokary baha bermek bilen şol bir wagtyň özünde, adaty daşary söwdasyna gaýdyp gelmek Eýran we dünýä üçin möhüm mesele hasaplandy.

Şweýsariýanyň Daşary işler ministri hem bu duşuşykda Bern bilen Tähranyň arasyndaky taryhy gatnaşyklara yşarat edip, Şweýsariýanyň ýadro ylalaşygynyň iş maslahatyna ygrarlydygyny we gatnaşyklaryň ähli ugurlarda giňelmegini nygtady.