Ruhani: Eýran halky Amerikanyň ulumsylygynyň we gorkuzmagynyň garşysynda boýun egmez
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti ABŞ-nyň Tährana garşy alyp barýan rehimsiz we adalatsyz sanksiýalaryna yşarat edip, Eýran halkynyň Amerikanyň zulmuna, sütemine we zorlugyna boýun egmejekdigini aýtdy.
duşenbe güni Eýranyň prezidenti Hasan Ruhani Şweýsariýanyň Daşary işler ministri Ignazio Kassis bilen duşuşyp, halkara gatnaşyklarynyň we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlarynyň gatnaşyklaryň ölçegi bolmalydygyny aýtmak bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary ençeme ýyl bäri Yslam respublikasyny ýok etmek we Eýranyň içerki işlerine gatyşmagyň yzyndadyr diýdi.
Ruhani, Eýranyň halkara düzgünlerine we köptaraplaýyn şertnamalara eýerýändigini aýtmak bilen Amerikalylar her gün ýalňyşlyklaryndan el çekseler we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231-nji kararyna we ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegi isleseler, olar üçin ýol açykdyr diýdi.
Eýranyň prezidenti sanksiýalar we Yslam respublikasyna garşy ykdysady söweş ýaly käbir Amerikan jenaýatlaryna yşarat etmek bilen dünýäniň dost we erkin ýurtlary terrorçylyga we ABŞ-nyň bikanun hereketlerine garşy dymmaly däldirler diýip sözlerine goşdy.
Şweýsariýanyň Daşary işler ministri hem Iki ýurduň arasynda syýasy we diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100 ýyllygy barada durup geçip, Eýran bilen Şweýsariýanyň arasyndaky gatnaşyklary gaty gowy we ak ýürekli diýip atlandyrdy we bu gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ösmegini we çuňlaşmagyny nygtady.