Eýranda 339 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan iki müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 339,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda iki müň 313 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 229-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 393 müň 425 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 127 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 22 müň 669 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 339 müň 111 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 27 million adamdan geçdi şolardan 902 müňden gowragy öldi we azyndan 20 million adam sagaldy.