Ruhani: Amerika Eýrana garşy maksatlaryna ýetip bilmez
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, ABŞ-nyň Eýran halkyna garşy berk sanksiýalar girizmek baradaky çäresine ünsi çekip, Amerikalylaryň hökman öz maksatlaryna ýetmejekdiklerini aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni geçirilen ministrler kabinetinde eden çykyşynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysady basyş we sanksiýalar girizilmegi arkaly Eýran halkyny dyza çöker diýip pikir edýändigini aýtmak bilen Amerikalylar diňe bir öz maksadyna ýetmändigi bärde dursun eýsem BMG Howpsuzlyk Geňeşinde, dünýä derejesinde we hatda öz milletiniň öňünde abraýyny doly ýitirdiler diýdi.
Ruhani, duşmanlaryň ýalan habar kanallaryny döretmek arkaly Eýran halkynyň bähbitlerine garşy giňden propagandalary başlandyklaryna yşarat edip bu habar beriş serişdelerinde we kanallarda her gün dürli bahana bilen alada döredýärler we dürli bazarlarda çişme döredýärler, elbetde, elmydama Eýran halkynyň hüşgärligi we berk garşylygy bilen ýüzbe ýüz bolýandyrlar diýip beýan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Eýran halkynyň ykdysady basyşlara we duşmanyň zulumly sanksiýalaryna garşy durýandygyna minnetdarlygyny bildirmek bilen Millet, ähli güýçler,we Eýranyň ýerine ýetiriji enjamlarynyň işgärleri häzirki kyn ýagdaýda ähli güýjüni ulandylar we sanksiýalar we Corona wirusy sebäpli ýüze çykan ähli kynçylyklara garamazdan, bagtymyza ýurt soňky iki aýda ykdysady ösüş ýolunda bolandyr diýdi.