Zarif: Ýewropa Amerikanyň ykdysady terrorçylygyny ret etmelidir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8722-zarif_Ýewropa_amerikanyň_ykdysady_terrorçylygyny_ret_etmelidir
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri penşenbe güni agşam, Eýranyň ýadro programmasy baradaky Ýewropanyň aladalaryny ýeňletmek üçin Eýrandan IAEA Geňeşiniň ýanyndaky ýadro borçnamalaryny doly ýerine ýetirmegini haýyş eden Ýewropaly resmileriň aýdanlarynyň jogabynda twitterde Eýran, islendik "şertnamadan" has täsirli dini we strategiki sebäplere görä ýadro ýaraglaryna garşydyr diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 10, 2020 19:19 Asia/Ashgabat
  • Zarif: Ýewropa Amerikanyň ykdysady terrorçylygyny ret etmelidir

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri penşenbe güni agşam, Eýranyň ýadro programmasy baradaky Ýewropanyň aladalaryny ýeňletmek üçin Eýrandan IAEA Geňeşiniň ýanyndaky ýadro borçnamalaryny doly ýerine ýetirmegini haýyş eden Ýewropaly resmileriň aýdanlarynyň jogabynda twitterde Eýran, islendik "şertnamadan" has täsirli dini we strategiki sebäplere görä ýadro ýaraglaryna garşydyr diýdi.

Muhammet Jawad Zarif sözüniň dowamynda üç Ýewropa ýurtlary we Ýewropa Bileleşigi ýadro ylalaşygyň iş maslahaty tarapyndan berlen ynamy güýçlendirmek we aç-açanlygy ýokarlandyrmak isleýän bolsalar, ABŞ-nyň Howpsuzlyk Geňeşindäki jenaýat işini ret edişleri ýaly ABŞ-nyň ykdysady terrorçylygyny hem ret etmelidirler diýip beýan etdi.

Penşenbe güni Germaniýanyň, Angliýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri we oňa EUB-niň daşary syýasatynyň başlygynyň wideokonferensiýa suratda gatnaşmagynda.Londonda geçirilen  maslahatda olar ABŞ-nyň Eýrana garşy halkara sanksiýalaryny dikeltmek synanyşygyny ret etdiler.

Germaniýanyň, Angliýanyň we Fransiýanyň daşary işler ministrleri ýadro ylalaşyk bilen baglanşykly indiki ädimleri utgaşdyrmak üçin geçirilen bu ýygnanan bu halkara şertnamany goldamagyň zerurdygyny aýtdylar, emma şol bir wagtyň özünde, Ýewropanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmekde hereketsizligine yşarat etmezden we ABŞ-nyň Eýrana garşy bikanun sanksiýalaryny ýazgarmazdan, Eýrandan öz borçnamalaryna doly boýun bolmagyny islediler.