Eýranyň Yslam şura mejlisiniň 11-nji möhletiniň ikinji tapgyrynyň saýlawlary başlandy
(last modified Fri, 11 Sep 2020 08:00:27 GMT )
Sep 11, 2020 13:00 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Yslam şura mejlisiniň 11-nji möhletiniň ikinji tapgyrynyň saýlawlary başlandy

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň 11-nji möhletiniň ikinji tapgyrynyň saýlawlary 10 saýlaw okrugynda başlandy.

Eýranyň Içeri işler ministrliginiň saýlaw merkezi Ikinji tapgyr saýlaw okruglaryndaky ähli saýlaw uçastoklary, Korona garşy göreşmek boýunça milli ştab-kwartirasy tarapyndan tassyklanan saglyk teswirnamalaryna laýyklykda şu gün (anna) irden sagat 8-den başlap ähli hukukly adamlardan ses almaga taýyndyrlar diýip yglan etdi.

yslam şura mejlisiniň 11-nji möhletiň ikinji tapgyrynyň saýlawlary "Lenjan", "Semirom", "Karaj, Eştehard we Ferdis", "Dehloran, Darrehshahr, Abdanan we Badreh", "Ahwaz, Bawi, Hamidiyeh we Karun" "Zanjan we Tarom", "Bijar", "Kermanshah", "Islamabad Gharb we Dalahu" we "Kordkoý, Türkmen, Bandar-e-Gaz we Gomişan" saýlaw okruglarynda geçirilýär.

Eýranyň Yslam şura mejlisiniň 290 wekilini saýlamak üçin 11-nji tapgyry 21-nji fewralda Eýranyň hemme ýerinde 24 million 500 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirildi,we 11-nji Mejlisiň 208 saýlaw okrugyndan 197 saýlaw okrugy, saýlawyň birinji tapgyrynda bellendi.