Galibaf: Tekepbirleriň Yslam pygamberi (saw) bilen çuňňur duşmançylygy bar.
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Yslam pygamberine (saw) ulumsy tekepbirleriň kemsitmeleri, Hudaýyň Resulyna çuňňur duşmançylygynyň alamaty hökmünde häsiýetlendirdi.
tele-radio habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" şenbe güni fransuz metbugatynyň kiber giňişliginde Hezreti Pygambere (saw) kemsidilmegine jogap edip bu hereket ýene bir gezek ulumsy we jenaýatkär tekepbirleriň Taňrynyň Resuly bilen duşmançylygyny dünýä aýan etdi diýip ýazdy.
Galibaf dünýäniň musulmanlarynyň bu bagyşlanmaz we ýaman günäni biragyzdan ýazgarjakdygyny we adalat we adamzat duşmanlarynyň dildüwşügini puja çykarjakdygyny sözüniň üstüne goşdy.
Fransiýanyň "Charlie Hebdo" magazineurnaly ýaňy-ýakynda Yslamyň Pygamberi(saw) hakda çekeleşikli kemsidiji karikaturalary çap etdi.