Eýranda 346 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8736-eýranda_346_müňden_gowrak_adam_koronawirusyndan_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan iki müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 346,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 13, 2020 12:14 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 346 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan iki müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda azyndan 346,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda iki müň 89 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan 956-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.

Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 402 müň 29 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 128 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 23 müň 157 adama ýetdi diýip yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 346 müň 242 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.

Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 29 million adama golaýlady şolardan 924 müňden gowragy öldi we azyndan 20 million adam sagaldy.