Eýranda takmynan 350 müň adam koronawirusyndan gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bolan iki müňden gowrak täze hassanyň kesgitlenendigini we ýurtda takmynan 350,000 adamyň bu keselden gutulandygyny habar berdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili Sima Sadat Lari şu gün ýurtda koronawirusa ýokaşan adamlaryň sany baradaky soňky sanawlara yşarat edip Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda ýurtda iki müň 705 sany täze näsagyň tapylyp, şolardan bir müň 299-si keselhanalarda ýerleşdirildi we galan hassalara aýak üstünde hyzmatlary berilip üpjün edildi diýdi.
Lari, Eýranda “Qovid 19” hassalarynyň umumy sanynyň 407 müň 353 adama ýetendigini aýtmak bilen Soňky 24 sagadyň dowamynda 140 näsagyň ölmegi bilen ölenleriň jemi sany 23 müň 453 adama ýetdi diýip yglan etdi.
Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat wekili şu wagta çenli 349 müň 984 näsagyň bejergi alandygyny ýa-da keselhanalardan çykarylandygyny aýtdy.
Dünýäde koronawirus bilen kesellänleriň sany 29 million 200 müňden geçdi şolardan 933 müňden gowragy öldi we azyndan 21 million adam sagaldy.