Eýranyň resmi wagty bir sagat yza süýşürildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8813-eýranyň_resmi_wagty_bir_sagat_yza_süýşürildi
Eýranyň resmi wagty düýn (ýekşenbe) ýary gije bir sagat yza süýşürildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 21, 2020 06:53 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň resmi wagty bir sagat yza süýşürildi

Eýranyň resmi wagty düýn (ýekşenbe) ýary gije bir sagat yza süýşürildi.

Eýranyň mejlisi tarapyndan tassyklanan Eýranyň resmi wagtyny üýtgetmek baradaky kanuna laýyklykda, Eýranyň resmi wagty her ýylyň Farwardin aýynyň ilkinji güni (21-nji mart) sagat 24:00-da bir sagat öňe süýşürilýär.

Eýranyň resmi wagty her ýylyň Şahriwär aýynyň 30-nji güni (21-nji sentýabr) sagat 24: 00-da Öňki ýagdaýa gaýdyp gelýär.

Eýran geografiki taýdan orta giňişlikde ýerleşýär we gije-gündiziň uzynlygyndaky üýtgeşmeler ýylyň dowamynda möhümdir;şol sebäpli gündizden has netijeli peýdalanmak üçin resmi sagat ýazda we tomusda bir sagat öňe çekilýär.