Eýranyň resmi wagty bir sagat yza süýşürildi
Sep 21, 2020 06:53 Asia/Ashgabat
Eýranyň resmi wagty düýn (ýekşenbe) ýary gije bir sagat yza süýşürildi.
Eýranyň mejlisi tarapyndan tassyklanan Eýranyň resmi wagtyny üýtgetmek baradaky kanuna laýyklykda, Eýranyň resmi wagty her ýylyň Farwardin aýynyň ilkinji güni (21-nji mart) sagat 24:00-da bir sagat öňe süýşürilýär.
Eýranyň resmi wagty her ýylyň Şahriwär aýynyň 30-nji güni (21-nji sentýabr) sagat 24: 00-da Öňki ýagdaýa gaýdyp gelýär.
Eýran geografiki taýdan orta giňişlikde ýerleşýär we gije-gündiziň uzynlygyndaky üýtgeşmeler ýylyň dowamynda möhümdir;şol sebäpli gündizden has netijeli peýdalanmak üçin resmi sagat ýazda we tomusda bir sagat öňe çekilýär.