General Salami: Amerika içinden çüýrändir
Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň içerden çüýräp, daşardan çetleşendigine yşarat edip Amerikan halkynyň hem "Amerika ölümi" diýýändigini aýtdy.
Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaran güýjüniň baş serkerdesi general-maýor Huseýin Salami duşenbe güni Mukaddes Goranmak weteranlarynyň bir millionyny hormatlamak dabarasynyň çäginde habarçylaryň arasynda beren gürrüňlerinde Amerika simwolalaryny ýitirendir we bu ýurduň halky simwoliki heýkelleri zyňýarlar we Amerikanyň baýdagyny ýakýarlar diýdi.
general Salami ABŞ-nyň ýolbaşçylaryndan soňky döwürde abanýan howplar barada gürrüň gozgap Eýranyň duşmanlarynyň sekiz ýyllyk mukaddes goranyş döwründe güýçli bolup Eýranyň entek güýçli däl mahalynda üstünlik gazanyp bilmediklerini we Yslam Respublikasynyň bolsa söweş deňagramlylygyny üýtgedip bilendigini aýtdy.
Mukaddes goranmak we çydam weteranlarynyň bir millionyny hormatlamak dabarasy şu gün (duşenbe) Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary lideriniň gatnaşmagynda wideo konferensiýa görnüşinde geçirildi.