Eýranda 361 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8816-eýranda_361_müňden_gowrak_adam_koronawirusyndan_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary korona keseli bilen baglanyşykly 3000-den gowrak täze hassanyň we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 177 adamyň ölendigini mälim etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 21, 2020 13:32 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 361 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary korona keseli bilen baglanyşykly 3000-den gowrak täze hassanyň we ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 177 adamyň ölendigini mälim etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" duşenbe güni ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky statistikasy barada şeýle diýdi: Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Covid-19 keseli 3,341 täze hassa Eýranda anyklandy, şolardan 1494 adam keselhana ýerleşdirildi we galan hassahanalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi.

Lari, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň umumy sanynyň 425,481-e ýetendigini mälim etdi we şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 177 sany Covid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 24 müň 478 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli 361,523 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany 31 milliondan gowrak boldy, şolardan azyndan 965 müň adam öldi we 23 million töweregi adam sagaldy.