Hatibzadeh: Dünýäniň ABŞ-a beren jogaby "uly ýok" bolandyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8841-hatibzadeh_dünýäniň_abŞ_a_beren_jogaby_uly_ýok_bolandyr
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary twitterde şeýle ýazdy: Dünýäniň ABŞ-a beren jogaby"uly ýok" bolandyr.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Sep 23, 2020 17:18 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Dünýäniň ABŞ-a beren jogaby

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary twitterde şeýle ýazdy: Dünýäniň ABŞ-a beren jogaby"uly ýok" bolandyr.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh sişenbe güni habaryny dowam etdirip ABŞ hökümeti özüni gaty dik we gaty çalt izolýasiýa edýär diýdi.

2018-nji ýylyň 8-nji maýynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump halkara şertnamasyndan birtaraplaýyn yza çekildi we Waşingtonyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň borçnamalaryny bozup, ýadro sanksiýalarynyň yzyna gaýtaryljakdygyny habar berdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, mundan beýläk ýadro ylalaşygynyň iş maslahatyna gatnaşmaýandygyna garamazdan, Howpsuzlyk Geňeşine bir haty ýollap "Eýranyň ýadro ylalaşygyny düýpli bozandygyny" toslap Eýrana garşy snapback mekanizmini işjeňleşdirýändigini we ähli halkara sanksiýalaryny dikeltýändigini  yglan etdi.

Emma BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň aglaba köplügi, şol sanda Angliýa we Fransiýa, şeýle hem BMG Howpsuzlyk Geňeşine möhüm goşant goşýan Germaniýa, Waşingtonyň bu ädimine aç-açan garşy çykdylar we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň snapback mehanizmini işjeňleşdirmäge ýeriniň ýokdugyny aýtdylar.