Hatibzadeh: Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda hiç hili gepleşik geçirlen däldir
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Omanda Eýran bilen ABŞ-nyň arasyndaky gepleşikler baradaky habary ret etdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh şu gün (duşenbe) metbugat ýygnagynda Eýran bilen ABŞ-nyň Ummanda gepleşik geçirýändigi baradaky habarlara jogap edip Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda hiç hili gepleşik bolmady we bu içerki sarp etmek üçin bolup, Donald Trump-a peýdaly bolup bilmegi ahmaldyr diýdi.
Hatibzadeh, Trumpyň halkara gatnaşyklarynyň we ABŞ-Eýran gatnaşyklarynyň tebigatyna dogry düşünmeýändigini aýdyp Trump öz ýalňyşyny boýun almaly we bu adamkärçiliksiz we ähliumumy urşy we Eýrana garşy rehimsiz sanksiýalary bes etmeli we bu söweş arkaly Eýran halkyna ýetiren ähli zyýanynyň öwezini dolmaly, belki ýadro ylalaşygyň otagynyň bir burçunda, Özüne ýer tapsyn diiýp nygtap geçdi.