Ruhani: Amerika, Eýrana garşy iň terrorçylykly syýasatlaryny ileri sürdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8887-ruhani_amerika_eýrana_garşy_iň_terrorçylykly_syýasatlaryny_ileri_sürdi
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Amerikalylaryň her gün täze pitne döredýändigini aýdyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýran halkyna garşy iň duşmançylykly we terrorçylykly syýasatlaryny alyp bardy diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 30, 2020 11:13 Asia/Ashgabat
  • Ruhani: Amerika, Eýrana garşy iň terrorçylykly syýasatlaryny ileri sürdi

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Amerikalylaryň her gün täze pitne döredýändigini aýdyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýran halkyna garşy iň duşmançylykly we terrorçylykly syýasatlaryny alyp bardy diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani çarşenbe güni ministrler kabinetiniň mejlisinde çykyşynda , ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgärleriň arasyndaky öten agşamky çekişmä ünsi çekip,bu çekeleşik, koronanyň garşysynda iň erbet ýagdaýa duçar bolan amerikanlaryň ýagdaýyny, işsizligiň ýokarlanmagyny we öz ýurtlarynda içerki tolgunyşyklaryň artýandygyny görkezdi diýip nygtady.

Ruhani, Amerikalylaryň diňe bir Eýrana däl, eýsem Günbatar Aziýa, Ýewropa sebitine we NAFTA (Demirgazyk Amerikanyň erkin söwda şertnamasy) babatdaky daşary syýasatynda-da şowsuzlyga uçrandygyny aýtdy.

Ruhani şeýle-de Örän köp kynçylyk çekýän ýurdyň, problemalaryny daşarky dünýä geçirjek bolup tagalla etmegi we Eýrana we dünýä garşy pitne döretmegi tebigy zatdyr diýip sözüne goşdy.