Waezi: Tehran-Baku gatnaşyklary esassyz myş-myşlaryň täsir astynda galmaz
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy käbir habar beriş serişdelerinde Eýranyň Ermenistana kömek iberýändigi baradaky aýyplamalary ret edip Tehran-Baku-nyň gowy gatnaşyklary esassyz myş-myşlardan täsir almaz diýip yglan etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Edarasynyň başlygy Mahmud Waezi çarşenbe güni Azerbaýjan Respublikasynyň Wise-premýeriniň orunbasary Şahin Mustafaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Ermenistana kömek edýändigi baradaky myş-myşlar Tehran bilen Bakuwyň arasyndaky gowy gatnaşyklary bozmaga gönükdirilendir diýmek bilen Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary degişdirmek ugurdaky hereketler hiç hili netije bermez diýip nygtady.
Waezi, şeýle hem, Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasyndaky konfliktden alada bildirdi we Eýranyň soňky wakalary ýakyndan yzarlaýandygyny we Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasyndaky düşünişmezligi gepleşikler arkaly çözmäge kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.
Bu telefon söhbetdeşliginde Azerbaýjan Respublikasynyň Wise-premýeriniň orunbasary Şahin Mustafaew Eýrany Azerbaýjan Respublikasynyň gowy goňşusy we dosty diýip atlandyrdy we iki ýurduň biri-biri bilen içgin gatnaşyklarynyň bardygyny we oppozisiýanyň tagallalary bilen bu gowy gatnaşyklaryň zaýalanmagyna ýol bermeli däldigini aýtdy.