Eýran Azerbaýjan Respublikasy we Ermenistana duýduryş berdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8914-eýran_azerbaýjan_respublikasy_we_ermenistana_duýduryş_berdi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Nagorno-Garabag çaknaşyklaryna gatnaşýan taraplara duýduryş berip Eýranyň territoriýasyna sebitde söweşe gatnaşýan her bir tarapyň çozmagyny çydamarys diýdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 03, 2020 13:19 Asia/Ashgabat
  • Eýran Azerbaýjan Respublikasy we Ermenistana duýduryş berdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Nagorno-Garabag çaknaşyklaryna gatnaşýan taraplara duýduryş berip Eýranyň territoriýasyna sebitde söweşe gatnaşýan her bir tarapyň çozmagyny çydamarys diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Said Hatibzadeh şenbe güni habarçylaryň Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasynda bolup geçýän çaknyşyklarda Eýranyň territoriýasyna edilen käbir hüjümler baradaky soragynyň jogabynda serhetýaka sebitlerdäki hereketlere Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan çynlakaý we duýgur gözegçilik edilýär diýdi.

Hatibzadeh, sebitde söweşe gatnaşýan taraplaryň Eýranyň çägine edýän islendik hüjüminiň çydap bolmajakdygyny mälim etmek bilen ähli taraplara bu meselede zerur çäreleri görmegi duýdurdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Azerbaýjan Respublikasynyň territorial bitewiligine, asuda ilata garşy hüjüm etmezlige, duşmançylygyň bes edilmegine we çynlakaý gepleşikleriň başlanmagyna hormat goýmagyň zerurdygyny gaýtalady we Yslam Respublikasynyň bu maksatlara ýetmäge kömek etmek üçin taýýardygyny mälim etdi.

Soňky günlerde Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasynda bolup geçýän çaknyşyklarda, Eýranyň iki ýurduň serhedine ýanaşyk ýerleşýän birnäçe obada we sebitde birnäçe top oky we raketa degip, bäş ýaşly Eýranly çagany ýaralady.