Hatibzadeh: Ýewropanyň ukypsyzlygy ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy bilen subut edildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8939-hatibzadeh_Ýewropanyň_ukypsyzlygy_abŞ_nyň_ýadro_ylalaşygyndan_çykmagy_bilen_subut_edildi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ-nyň 2018-nji ýylda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykarylandan soň, Ýewropa ýadro ylalaşygyň çäginde Eýrana garşy sanksiýalary ýatyrmak baradaky borçlaryny ýerine ýetirip bilmejekdigini we ukypsyzlygy görkezdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 05, 2020 12:49 Asia/Ashgabat
  • Hatibzadeh: Ýewropanyň ukypsyzlygy ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyndan çykmagy bilen subut edildi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili ABŞ-nyň 2018-nji ýylda ýadro ylalaşygyň iş maslahatyndan çykarylandan soň, Ýewropa ýadro ylalaşygyň çäginde Eýrana garşy sanksiýalary ýatyrmak baradaky borçlaryny ýerine ýetirip bilmejekdigini we ukypsyzlygy görkezdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Said Hatibzadeh şu gün metbugat ýygnagynda Germaniýanyň Daşary işler ministriniň Eýrana garşy ýarag gadaganlygyny dowam etdirmek baradaky pozisiýasyna yşarat edip Ýewropa sanksiýalary ýatyrmak üçin çäre görmese, bu olaryň borçlaryna garşy bolar we Eýran öz hukugyny ulanar we hiç kim munyň öňüni alyp bilmez diýdi.

Hatibazadeh, Eýranyň ýadro ylalaşygyna gol çeken (Germaniýa, Angliýa we Fransiýa) üç Ýewropa ýurduna beren maslahatynyň birneme seresap bolmalydygyny we ýadro ylalaşygyň haýsy tarapynyň ukypsyzdygy we haýsy tarapyň öz borçnamalaryna wepalydygy barada taryh kesgitli bir karara geljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Saud Arabystanyň Daşary işler ministriniň Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky borçlaryny bozandygy we Tähran bilen berk çemeleşmelidigi baradaky toslamasyny gülkünç hasaplady.

Hatibizadeh, Saud Arabystanynyň we Kudusy basyp alyjy režimiň Eýranyň ýadro şertnamasy barada gürleşmäge hukugynyň ýokdugyny, sebäbi olaryň ýadro meselesiniň ilkibaşdan çözülmegine berk garşydyklaryny aýtdy.