Ruhani: Eýran Baku bilen Ýerewanyň arasyndaky jedelleri çözmäge taýyn
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky dartgynlylygyň gysga wagtda gutarmalydygyny belläp: Eýran Baku bilen Ýerewanyň arasyndaky jedelleri halkara kanunlaryna laýyklykda çözmäge taýýardyr diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hasan Ruhani sişenbe güni Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýleki ýurtlaryň Nagorno-Garabag dartgynlylygyna gatyşmagynyň we dartgynlylygyň sebit urşuna öwürilmeginiň mümkindigine alada bildirmek bilen sebitiň howpsuzlygy, durnuklylygy we asudalygy, esasanam Eýranyň demirgazyk serhetleri Tähran üçin diýseň möhümdir we bu konflikt we serhetleriň dowamly howplylygy käbir terrorçy toparlaryň aralaşmaklaryna sebäp bolmaly däldir diýdi.
prezident Ruhani serhetleriň howpsuzlygyna we Azerbaýjan bilen Ermenistan ýurtlary bilen ýanaşyk Eýran obalarynyň ýaşaýjylarynyň janyny goramaklyga ünsi çekip iki ýurduň arasyndaky serhet konfliktleriniň şäher urşuna ýaýramagyndan alada bildirdi we şeýle diýdi:bu uruş we konflikt şäherleriň urşuna, adamlaryň göçürilmegi we parahat ilatyň öldürilmegine sebäp bolmaly däldir, bu gaty agyr we howplydyr.
Eýranyň prezidenti bilen geçirilen gepleşiklerden kanagatlanýandygyny mälim eden Azerbaýjanyň prezidenti, döredijilikli pozisiýalary we territorial bitewiligi saklamaga we Nagorno-Garabak konfliktini çözmäge ünsi jemlänligi üçin Tährana minnetdarlyk bildirdi.
"Ilham Aliýew", Eýranyň prezidentiniň serhet howpsuzlygy baradaky aladasyna we sebit howpsuz däl halatynda terrorçy toparlaryň aralaşmak ähtimallygyna düşünýändigini aýtmak bilen Azerbaýjan respublikasy bu konfliktiň goňşy ýurtlarda howpsuzlyga sebäp bolmagyna ýol bermez diýdi.