Eýranda 397 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i8952-eýranda_397_müňden_gowrak_adam_koronawirusyndan_gutuldy
Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bilen baglanyşykly 4000-den gowrak täze hassanyň tapylyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 239 adamyň ölendigini yglan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Oct 07, 2020 12:54 Asia/Ashgabat
  • Eýranda 397 müňden gowrak adam koronawirusyndan gutuldy

Eýranyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat wekili korona keseli bilen baglanyşykly 4000-den gowrak täze hassanyň tapylyp ýurtda soňky 24 sagadyň dowamynda 239 adamyň ölendigini yglan etdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministrliginiň metbugat sekretary "Sima Sadat Lari" şu gün ýurtdaky koronawirus hassalarynyň soňky sanawy barada şeýle diýdi: Kesgitleýji anyklaýyş ölçeglerine görä, soňky 24 sagadyň dowamynda Covid-19 keseli 4 müň 19 täze hassa Eýranda anyklandy, şolardan bir müň 820 adam keselhana ýerleşdirildi we galan hassahanalara ambulatoriýa hyzmatlary berildi.

Lari, Eýranda “Covid-19” näsaglarynyň jemi sanynyň 483,844-e ýetendigini mälim etdi we şeýle diýdi: “Gynansagam, soňky 24 sagadyň dowamynda 239 sany Covid-19 hassasy öldi we ýurtda bu keselden ölenleriň umumy sany 27 müň 658 adama ýetdi.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, şu wagta çenli 397,109 näsag sagaldy we keselhanalardan çykaryldy.

Dünýäde koronawirusy ýokaşan adamlaryň sany hem 36 milliondan geçdi, şolardan azyndan bir million adam öldi we 27 milliondan gowrak adam sagaldy.